Prezident Erdogan TRT hakynda öwgüli sözler aýtdy
SYÝASAT
2 minut okamak
Prezident Erdogan TRT hakynda öwgüli sözler aýtdyPrezident R. T. Erdogan, TRT-ni 62 ýaşy bilen gutlady we 40-dan gowrak dilde ýaýlym berýän gurama hakynda öwgüli sözler aýtdy.
Prezident Erdogan TRT hakynda öwgüli sözler aýtdy / TRT World and Agencies

Prezident R. T. Erdogan anna güni Türkiýäniň radio-telewideniýe guramasy TRT-niň açylan gününiň 62 ýyllygy bilen gutlady we döwlet teleýaýlymyny halkara mediada esasy öwrülşik nokady we ýalan maglumatlara garşy deňagramlyk elemeni hökmünde häsiýetlendirdi.

Prezident Erdogan TRT-niň Baş müdüri Mehmet Zahid Sobaja ugradan gutlag ýüzlenmesinde, TRT-niň köp dilli ýaýlymlaryny güýçlendirendigini we sanly digital platformalara uýgunlaşandygyny belledi.

Prezident Erdogan TRT-niň “ýurdumyzyň sesi” we halkymyzyň ýady” bolmaga dowam edýändigine aýratyn ünsi çekdi.

Prezident Erdogan gutlag ýüzlenmesinde: “Açylan gününden bäri döwlet teleýaýlymy hökmünde öz üstüne düşýän jogapkärçiligini bir kemsiz ýerine ýetirýän Türkiýäniň radio-telewideniýe guramasyny 62-nji ýaşy bilen mähirli gutlaýaryn” diýdi.

Erdogan “Döwrebap tehnalogiýalardan ýerli peýdalanýan we ýokary hili ýaýlymlary bilen ünsleri özüne çekýän TRT, şu günki günde ähli kanallary we köp dilli radio we telewiniýe ýaýlymlary bilen esasy guramamyzdyr. Sanly digital dünýä uýgunlaşan, tomaşaçy we diňleýji endiklerini üýtgeden TRT, ýurdumyzyň sesi, halkymyzyň ýady bolmaga dowam edýär” diýdi.

Prezident Erdogan, TRT-niň Türkiýe asyry baradaky ýaýlymlary bilen ýurdumyň egilşiksiz pozisiýalaryny we adalat göreşini halkara jemgyýetçiligine ýetirmekde uly rol oýnaýandygyny belledi.

TRT-niň halkara mediada ýalan maglumatlara garşy adalatly ýaýlymlary bilen ünsleri özüne çekýändigini we öwrülşik nokadyna öwrüledigini nygtan Erdogan, “TRT-niň şu günki günde ýeten sepgidi halkymyz üçin ylham çeşmesidir” diýdi.

Prezident Erdogan “Pursatdan peýdalanyp TRT maşgalasynyň ähli işgärlerine alyp barýan işleri we edýän tagallalary üçin sag bolsun aýdýaryn. TRT-niň geljekde hem ýokary hili we adalatyň tarapynda durýan ýaýlymlaryny dowam etdirjekdigine, ýurdumyzyň, halkymyzyň we ähili ezilenleriň gür sesi bolmaga dowam etjekdigine tüýs ýürekden ynanýaryn” diýip belledi.

Prezident Erdogan 1923-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň gurlan gününiň 100 ýyllygynyň öňüsyrasynda yglan edilen “Türkiýe asyrynyň” esasy syýasy garaýşy bilen tapawutlandygyny nygtady.

Erdogan “Türkiýe asyry strategiki aragatnaşyk we halkara habar beriş serişdelerine Türkiýäniň diplomatiýa, goranmak, ykdysadyýet we maglumat pudagynda dünýädäki täsirini ýokarlandyrmagy maksat edinýär” diýdi.

 

 

Öwren
Russiýa ÝB-niň 20-nji sanksiýa bukjasyna garşylyk görkezdi
NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutte Türkiýede saparda bolýar
Daşary işler ministri Hakan Fidan kärdeşleri bilen duşuşyk geçirdi
Erdogan Eýrana guralýan bikanun hüjümler sebäpli sebite uly howpuň abanýandygyny aýtdy
5-nji Antalýa Diplomatiýa forumy öz işine başlady
Fidan Antalýada Pakistanyň Premýer-ministri Şerif bilen duşuşdy
Somaliniň Prezidenti Türkiýede saparda bolýar
Pakistanyň Premýer-ministri ABŞ-Eýran gepleşiklerini seljermek üçin goňşy ýurtlara sapar gurar
Wens: Pakistanda Eýran bilen geçirilen gepleşiklerde “uly öňegidişlik” gazanyldy
Papa Trampyň tankydy belliklerine garamazdan söweşe garşy durmaga dowam etjekdigini aýtdy
Tramp Rim Papasyny berk tankyt etdi
5-nji Antalýa Diplomatiýa forumy aprel aýynyň ikinji hepdesinde geçirler
ABŞ-nyň Wise-prezidenti Wans, ABŞ-Eýran gepleşikleri üçin Pakistana geldi
Ysraýyl Eýrana garşy söweşinde 10 müň 800 howa hüjümini gurady
Eýranly diplomat Kemal Harazi, ABŞ-Ysraýyl hüjüminde aradan çykdy
Tramp ABŞ-nyň "hakyky ylalaşyk" güýje girýänçä Eýranda we sebitde galjakdygyny beýan edýär
Pakistan ylalaşyga goldaw beren Türkiýe bilen birlikde beýleki ýaranlaryna minnetdarlyk bildirdi
Lapid Netanýahunyň syýasatlaryny syýasy we strategiýa taýdan “şowsuz” hökmünde häsiýetlendirdi
Eýran bilen ABŞ 10 maddalyk parahatçylyk teklibini kabul etdi
Yslamabat ABŞ-Eýran gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder