Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Burhanettin Duran, NSosial platformasy arkaly beren habarnamasynda “Sebitimizde dartgynlygyň ortadan aýrylmagynda we durnuklylygyň ýola goýulmagynda uly rol oýnaýan ABŞ bilen Eýranyň arasynda gazanylan ylalaşyga kanagatlanma bildirýäris. Ylalaşygyň krizisiň ortadan aýrylmagynda däl eýsem şol bir wagtda yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagyna goşant goşmagyny umyd edýäris. Sebitimizde parahatçylyk ynama, dialoga, diplomatiýa we halkara hukugyna laýyklykda ýola goýlar. Türkiýe Prezidentimiz R. T. Erdoganyň ýolbaşçylygynda sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin edilýän tagallalara goldaw bermäge dowam eder” diýdi.
MASLAHAT BERILÝÄR















