TÜRKIÝE
1 minut okamak
Ýewropanyň Maýa Goýum Banky Türkiýäniň ýaşyl özgertmelerine 200 million ýewro bölüp berer
Ýewropanyň Maýa Goýum Banky Türkiýäniň ýaşyl özgertmelerine 200 million ýewro bölüp berer
Ýewropanyň Maýa Goýum Banky Türkiýäniň ýaşyl özgertmelerine 200 million ýewro bölüp berer
Ýewropanyň Maýa Goýum Banky Türkiýäniň ýaşyl özgertmelerine 200 million ýewro bölüp berer

Türkiýe ýaşyl özgertme maksatlaryna laýyklykda Ýewropanyň Maýa Goýum Bankyndan (ÝMB) 200 million ýewro möçberinde maliýe serişdesini alar.

“Anadolu” habarlar gullugynyň Gazna we maliýe ministrliginden alan maglumatyna görä Türkiýäniň amatly şertli daşarky maliýeleşdiriş serişdelerini çekmek boýunça işleri dowam edýär.

ÝMB-nyň serişdelerinden peýdalanyp Türkiýäniň ýaşyl özgertme maksatlaryny goldamak maksady bilen, Döwlet gaznasynyň yzyna töleg kepilligi esasynda 200 million ýewro möçberinde iki sany maliýe ylalaşygyna gol çekildi.

Türkiýäniň global howa maksatlaryna we ýaşyl ösüş strategiýasyna laýyklykda alynjak maliýe serişdesi arkaly, degişli pudagyň we eksportçylaryň gaýtadan dikeldilýän energiýa, energiýanyň netijeliligi hem-de ýaşyl we durnukly senagat ugurlaryndaky maýa goýumlaryny goldamak maksat edinilýär.

Bu karz serişdeleri bilen birlikde şu ýyl alynan amatly şertli daşary maliýeleşdiriş serişdeleriniň umumy möçberi 4,9 milliard Amerikan dollaryna barabar boldy.

“Türkiýä berilýän goldaw artýar”

Gazna we maliýe ministri Mehmet Şimşek beren beýanatynda ÝMB bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň netijesinde Türkiýäniň ösüşe gönükdirilen taslamalaryna berilýän goldawyň artýandygyny aýtdy.

Ministr Şimşek Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklara hem ünsi çekip: “Ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryndaky oňyn ösüşiň netijeleri daşarky maliýeleşdiriş ulgamynda anyk görünip başlady. Şol çäkde, ÝMB ýurdumyzyň ösüş ileri tutulýan ugurlaryny goldamak maksady bilen 2023-nji ýylda ýer titremesinden soňky dikeldiş işleri üçin berlen karzdan daşgary 8 ýyl soň gaýtadan amatly şertli maliýe mümkinçiliklerini herekete geçirdi” diýdi.