TÜRK DÜNÝÄSI
1 minut okamak
Türkiýe bilen Azerbaýjanyň Siriýany tebigy gaz bilen üpjün etmegi sebitara howpsuzlyk taýdan möhüm
Prezident Erdogan türkmen gazynyň Azerbaýjan we Türkiýe arkaly eksport edilmegi üçin uly mümkinçiligiň bardygyny aýtdy.
Türkiýe bilen Azerbaýjanyň Siriýany tebigy gaz bilen üpjün etmegi sebitara howpsuzlyk taýdan möhüm
Türkiýe bilen Azerbaýjanyň Siriýany tebigy gaz bilen üpjün etmegi sebitara howpsuzlyk taýdan möhüm / Anadolu Agency

Türkiýe Respubliklasynyň Prezidenti R. T. Erdogan duşenbe güni beren beýannamasynda, Türkiýe bilen Azerbaýjanyň Siriýany tebigy gaz bilen üpjün etmeginiň şol ýurduň galkynyşyna itergi berjekdigini we sebitara howpsuzlyk taýdan möhümdigini belledi.

Erdogan Baku energiýa hepdeliginiň açylyş dabarasynda eden çykyşynda “Türkiýe bilen Azerbaýjanyň Siriýany tebigy gaz bilen üpjün etmegi şol ýurduň galkynyşyna itergi berer we sebitara howpsuzlyga goşant goşnar”diýdi.

Erdogan soňky döwürde sebitde başdan geçirlen wakalaryň Azerbaýjan bilen energiýa pudagy boýunça edilýän hyzmatdaşlygyň nähili möhümdigini görkezendigini belledi.

Prezident Erdogan iki ýurduň sebitde uly taslamalary durmuşa geçirmäge dowam edýändigini nygtady.

Prezident Erdogan Azerbaýjan bilen başladylan we Gruziýanyň goldaw bermeginde tamamlanan Baku-Tiblisi-Jeýhan, Baku-Tiblisi-Erzurum we Trans-Anadoly tebigy gaz turba geçiriji taslamasy hakynda durup geçdi.

Erdogan Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň Azeri-Çirak-Güneşli we Şah Deniz taslamasy arkaly has-da pugtalanandygyny belledi.

R. T. Erdogan Şafak-Asimandaky täze hyzmatdaşlygyň bolsa dowam edýändigini sözleriniň üstüne goşdy.

Sebitara energiýa geçirijileri hakynda durup geçen Prezident Erdogan, türkmen gazynyň Azerbaýjan we Türkiýe arkaly eksport edilmegi üçin uly mümkinçiligiň bardygyny belledi.

Erdogan Baku-Tiblisi-Jeýhan turba geçirijisiniň Gazagystanyň tebigy çeşmeleriniň günbatarly ýurtlara ýetirilmeginde giňden ulanylýandygyny ýatlatdy.