SYÝASAT
1 minut okamak
ABŞ Palestiniň Prezidenti Mahmud Abbasa wiza bermedi
ABŞ geljek hepde BMG-nyň Baş Assambleýasynda çykyş etmegine garaşylýan Palestiniň Prezidenti Mahmud Abbasyň wiza talabyny ret etdi.
ABŞ Palestiniň Prezidenti Mahmud Abbasa wiza bermedi
ABŞ Palestiniň Prezidenti Mahmud Abbasa wiza bermedi / AFP Archive

“The Taýmes of Ysrael” gazetiniň amerikaly we palestinli resmä esaslanýan habaryna görä, Abbas ikinji gezek BMG-nyň Baş Assambleýasynda wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly çykyş eder.

Abbas bilen birlikde BMG-nyň Baş Assambleýasyna gatnaşmagyna garaşylýan palestinli käbir resmileriň hem wiza talaby kabul edilmedi.

Abbasyň wiza talabynyň näme sebäpli ret edilendigi barada hiç hili beýannama berilmedi.

Palestiniň Prezidenti Mahmud Abbasyň geçen ýyl bolşy ýaly şu ýyl hem geljek hepde Nýu-Ýorkda geçiriljek BMG-nyň Baş Assambleýasynda telekonferensiýa arkaly çykyş etmegine garaşylýar.