DÜNÝÄ
1 minut okamak
Russiýa: Ukrainanyň günbatar sebitlerinde demir ýol infrastrukturasyna hüjümlerimizi dowam etdirdik
Nyşana alnan ýerleriň "Ýewropa ýurtlaryndan harby ýükleri daşamak üçin" ulanylandygy öňe sürüldi
Russiýa: Ukrainanyň günbatar sebitlerinde demir ýol infrastrukturasyna hüjümlerimizi dowam etdirdik
Russiýa: Ukrainanyň günbatar sebitlerinde demir ýol infrastrukturasyna hüjümlerimizi dowam etdirdik

Russiýanyň Goranmak ministrligi Ukrainanyň günbatar sebitlerinde Ýewropa ýurtlaryndan harby ýükleri daşamak üçin ulanylýan demir ýol infrastrukturasyna hüjümlerini dowam etdirýändigini aýan etdi.

Ministrlkden berlen beýanatda Russiýanyň Ýaragly Güýçleriniň Ukrainadaky hereketleri barada maglumat berildi.

Beýanatda rus goşunynyň günüň dowamynda Ukrainadaky nyşanalara hüjüm gurandygy, şeýle hem Odessa şäherinde we Odessa sebitinde harby enjamlary saklamak we paýlamak üçin ulanylýan logistika merkezlerine, şeýle hem uçarmansyz howa ulagy öndürýän sehlere hüjümler guralandygy bellenildi.

Beýanatda Odessa portunda portuň işlemegini üpjün edýän harby ýük gämileriniň we transformatorlaryň nyşana alnandygy bellenip: "Ukrainanyň günbatar sebitlerinde Ýewropa ýurtlaryndan harby ýükleri daşamak üçin ulanylýan demir ýol infrastrukturasynyň elementlerine garşy hüjümler dowam etdi" diýlip habar berildi.

Beýanatda hüjümleriň howadan ýokary takyklykly ýaraglar we uçarmansyz howa ulaglary arkaly amala aşyrylandygy mälim edildi.

Öwren
Russiýanyň Ukrainadaky hüjümlerinde dört adam ýogaldy
Tramp: “Men Birleşen Irlandiýany görmek isleýärin” diýdi
Bolgariýada ýarag ammarynda bolan partlama Russiýa bilen arabaglanşykly bolup bilermi?
Yrakdan guralan hüjümde Gündogar-Günbatar turba geçirijisi nyşana alyndy
Modiden Putine ýüzlenme: “Çaknyşyklar diňe diplomatiýa arkaly bes ediler”
Putin Hindistanda geçiriljek BRICS-iň liderler sammitine gatnaşar
Polşanyň Premýer-ministri Tusk: Ukraina-Polşa gümrük geçelgesine abanýan howp ortadan aýryldy
Alžir Birleşen Arap Emirlikleri bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesdi
Ukraina Russiýa garşy söweşiň iň uzak aralykly hüjümini gurady
Eýranyň Iordaniýa guran hüjüminde ABŞ-na degişli birnäçe uçara zeper ýetirildi
Kreml ABŞ-nyň araçylyk etmeginde Ukraina bilen gepleşikleriniň gaýtadan başlanmagyna umyt baglaýar
Nepal-Hytaý serhet zolagynda sil apatynda ýogalanlaryň sany 1410 adama ýetdi
Tramp-Putin söhbetdeşliginden soň Russiýa bilen Ukraina hüjümlerini dowam etdirdi
"Ysraýyl Gündogar Iýerusalimdäki Britaniýanyň konsullygyny 30 günüň dowamynda ýapmagy buýurdy"
Eýran ABŞ-nyň Iordaniýadaky harby bazasyna hüjüm gurady
Malaýziýada bolan dikuçar heläkçiliginde 5 adam ýogaldy
Zelenskiý Russiýanyň Ukrainadaky telewideniýe binasyna UHU bilen hüjüm gurandygyny aýan etdi
Smotriç we Ben-Gwir Britaniýa garşy sanksiýa girizilmegini we ilçiniň çykarylmagyny talap edýärler
Russiýanyň Kiýewe raketalar we UHU bilen guran hüjümlerinde iki adam öldi, on adam ýaralandy
Russiýa Ukraina we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýtdy