Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 11 agzaly BRICS-iň liderler sammitine gatnaşmak üçin Hindistana bardy.
Hindistanly diplomatik çeşmeleriň berýän habaryna görä, Putin bilen Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan iş saparynyň çäginde Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi bilen duşuşar.
Şu gün başlajak we iki gün dowam etjek sammitiň çäginde Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy Şi Szinpiniň hem Modi bilen duşuşmagyna garaşylýar.
Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy Szinpin 2019-njy ýyldan soň Hindistana ilkinji saparyny guraýar. Bu sapar Hindistanyň gözegçiligi astyndaky jedelleşikli Kaşmir sebitinde başdan geçirlen we adam pidalaryna sebäp bolan harby çaknyşykdan soň iki bäsdeş goňşy ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagy taýdan diýseň möhüm.
Ýadro ýaragyna eýe Aziýaly döwletleriň arasyndaky gatnaşyklar soňky döwürde tapgyrlaýyn ýagdaýda kadalaşmaga başlady.
2009-njy ýylda döredilen guramanyň hatarynda Eýran, Saud Arabystany we Birleşen Arap Emirlikleri hem ýer alýar.
Gurama agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maý aýynda Täze Delide geçiren maslahatynda bilelikdäki jarnama meselesinde ylalaşyk gazanylyp bilinmändi.




















