Russiýa şenbe güni Amerikan hökümetine Ukraina söweşi meselesi çözülmezden öň “ýerlerdäki hakykatlara” üns berilmegi üçin çagyryş etdi we ýagdaýyň Kiýewe garşy üýgtändigini öňe sürdi.
Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow, TASS habarlar gullugyna beren beýannamasynda “Amerikan hökümetiniň ýerlerdäki hakykatlara göz ýetirmeginden soň krizisiň çözülmegi üçin işe girişilmeli” diýdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Doandl Tramp, ABŞ-nyň ýörite wekilleri Witkoff bilen Kuşneriň Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagy maksady bilen daşary ýurda gidendiklerini aýtdy.
Tramp “Iki wekilimi ugratdym. Olar uly işleriň hötdesinden geldi. Parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagy üçin mümkinçilik bar” diýdi.


















