DÜNÝÄ
1 minut okamak
ABŞ Yraga 800 million dollarlyk harby enjam satar
ABŞ-nyň Döwlet Sekretarlygy Yraga 800 million dollarlyk harby enjamyň satylmagyny tassyklady.
ABŞ Yraga 800 million dollarlyk harby enjam satar
ABŞ Yraga 800 million dollarlyk harby enjam satar / AP

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan duşenbe güni berlen beýannamada, ABŞ-nyň Yraga Bell 412EPX we Bell407M dikuçarlary bilen birlikde 800 million dollarlyk harby enjamyň satylmagyny tassyklandygy nygtaldy.

Döwlet sekretarlygyndan berlen beýannama görä, satuw uçarmanlaryň harby talimini, tehniki we logistiki goldawy hem öz içine alýar.

Beýannamada satuwyň ABŞ-nyň daşary syýasatyna we milli bähbitlerine bap gelýändigi nygtaldy.

Beýannamada satuwyň Yragyň abanýan howplara garşy degişli çäreleri görmegini maksat edinýändigi bellenildi.