Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginiň (MGM) metbugat we jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça geňeşçisi we metbugat wekili kontr-admiral Zeki Aktürk: "SDG-niň dargadylmagy we onuň Siriýanyň döwlet edaralaryna integrasiýasy Siriýanyň özygtyýarlylygyny we territorial bitewüligini goramak hem-de bir döwlet, bir goşun düşünjesiniň güýçlendirilmegi taýdan möhüm bir wakadyr" diýip belledi.
Zeki Aktürk hepdelik metbugat ýygnagynda çykyş etdi.
Zeki Aktürk SDG-niň dargadylmagy we integrasiýasy bilen baglanyşykly wakalardan hoşaldyklaryny belläp: “Türkiýäniň Ýaragly Güýçleri Siriýada gazanylan oňyn depginiň tutuş ýurda ýaýramagyna, dowamly durnuklylygyň döredilmegine we Siriýa goşunynyň, esasanam terrorçylyga garşy göreşde kuwwatynyň ösdürilmegine, häzirki harby hyzmatdaşlyk ylalaşygynyň çäginde goldaw bermäge dowam eder” diýip belledi.























