DÜNÝÄ
1 minut okamak
Hindistanyň Günbatar Bengal welaýatynda myhmanhanada bolan ýangyn sebäpli dokuz adam ýogaldy
Ýogalan adamlaryň Bangladeş raýatlarydygy aýan edildi.
Hindistanyň Günbatar Bengal welaýatynda myhmanhanada bolan ýangyn sebäpli dokuz adam ýogaldy
Hindistanyň Günbatar Bengal welaýatynda myhmanhanada bolan ýangyn sebäpli dokuz adam ýogaldy

Hindistanyň Günbatar Bengal welaýatynda myhmanhanada bolan ýangyn ilkinji maglumatlara görä azyndan 9 adamyň ýogalmagyna we 6 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.

“India Today” gazetiniň habaryna görä, Günbatar Bengal welaýatynyň Kalkutta şäherindäki myhmanhanada ýerli wagt bilen sagat 02:00 töweregi entek anyklanmadyk sebäp bilen ýangyn ýüze çykdy.

Ýangyn barada habar alandan soň wakanyň bolan ýerine gelen ygtyýarly resmiler myhmanhanadan 50-den gowrak adamy ewakuasiýa etdiler.

Resmiler ýangyn sebäpli dokuz adamyň ýogalandygyny we ýaralanan alty adamyň golaýdaky hassahanalara äkidilendigini mälim etdiler.

Ýangyn söndüriji gullugynyň işgärleri ýangyn sebäpli ýogalanlaryň lukmançylyk syýahatçylygy üçin Kalkutta şäherine syýahat edýän Bangladeş döwletiniň raýatlarydygyny habar berdiler.