Ministrligiň beýanatynda rus goşunynyň şu gün irden Ukrainadaky birnäçe nyşana ýerüsti we howa esasly ýokary takyklykly ýaraglary we uzak aralykly uçarmansyz howa ulaglaryny ulanyp köpçülikleýin hüjüm gurandygy habar berildi.
Beýanatda Kiýewde "Flamingo" kruiz raketalary üçin bölekler, boýegolowka we gaty ýangyç tizleşdirijileri öndürýän "Fire Point" kompaniýasyna degişli desganyň nyşana alnandygy we şäherde mundan başgada hüjüm UHU-lary, “Hruş” kysymly UHU-lary we “Garpiýa” diýip atlandyrylýan howa goranyş dronlary üçin bölekler öndürýän "Kiýew-111" senagat desgasynyň nyşana alnandygy malim edildi.
Beýanatda Poltawa welaýatynyň Kremençuk şäherinde ukrain goşuny üçin ýangyç we magdan ýagyny öndürýän Kremençuk nebiti gaýtadan işleýän zawodyna zarba urlandygy, şeýle hem Dnepropetrowsk welaýatynyňň Kriwoý Rig şäherindäki ýarag we harby enjam öndürmekde ulanylýan metallurgiýa zawodynyň käbir sehleriniň hem nyşana alnandygy aýdylýar.
Mundan başgada, Odessa portunda ukrain goşuny üçin harby enjamlary daşaýan ýük gämisine uçarmansyz howa ulaglary tarapyndan zarba urlandygy habar berildi.




















