Gazadaky Saglygy goraýyş ministrligi 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Ysraýylyň hüjümlerinde bolan adam pidalary barada iň soňky maglumatlary çap etdi.
Soňky 24 sagadyň dowamynda Gazadaky hassahana biri ýakyn wagtda guralan hüjümde, beýlekisi bolsa ozal guralan hüjümde ýogalan, ikisi hem ýakyn wagtda harabalyklaryň aşagyndan çykarylan jemi iki adamyň jesedini we şeýle hem ýaralanan sekiz adamyň getirlendigini habar berdi.
Gazada ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşygyň güýje giren senesi bolan 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabryndan bäri, Ysraýylyň guran hüjümlerinde 1258 adam öldi, 4139 adam ýaralandy we harabalyklaryň aşagyndan 807 adamyň jesedi çykaryldy.
Ysraýylyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Gaza zolagyna guran hüjümlerinde ölenleriň umumy sany 73386 adama ýetdi, ýaralananlaryň bolsa 174250 adama ýetdi.
Gaza zolagynda harabalyklaryň aşagynda müňlerçe adamyň jesediniň bardygy çak edilýär.


















