TÜRKIÝE
1 minut okamak
Saud Arabystanynyň Deňiz güýçleriniň hünärmenleri Baýkarda geçiren okuw maksatnamasyny tamamlady
Baýkar Saud Arabystanynyň Deňiz güýçlerinden 15 uçarman bilen mehaniki we elektronika tehnikasy boýunça 15 hünärmeniň okuw maksatnamasyny tamamlandygyny habar berdi.
Saud Arabystanynyň Deňiz güýçleriniň hünärmenleri Baýkarda geçiren okuw maksatnamasyny tamamlady
Saud Arabystanynyň Deňiz güýçleriniň hünärmenleri Baýkarda geçiren okuw maksatnamasyny tamamlady / َAA

Türk goranyş senagatynyň iň uly firmalaryndan biri bolan Baýkar, sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda firmanyň demirgazyk-günbataryndaky desgasynda geçirlen okuw maksatnamasynyň tamamlanandygyny habar berdi.

 Habarnamada “Saud Arabystanynyň Deňiz güýçlerinden 15 uçarman bilen mehaniki we elektronika tehnikasy boýunça 15 hünärmen Çorlu uçuş tälimi we synag merkezinde geçiren okuw maksatnamasyny üstünlikli ýagdaýda tamamlady”diýildi.

Baýkar bilen Saud Arabystanynyň Goranmak ministrliginiň arasynda 2023-nji ýylda Baýraktar AKYNJY uçarynyň eksport edilmegi we hyzmatdaşlygy boýunça şertnama baglaşypdy.

Şertnama okuw maksatnamasyny, harby tälimi, tehniki we logistiki goldawy hem öz içine alýar.