DÜNÝÄ
1 minut okamak
Owganystan Pakistanyň howa hüjümlerinde asuda ilatdan azyndan üç adamyň ölendigini aýtdy
Pakistanyň Maglumatlar ministrligi: “Aralarynda kamikaze hüjümçilerine tälim berilýän merkez hem bolan, 3 aýry nyşana takyk ýagdaýda ýok edildi we 28 terrorçy öldürildi" diýdi.
Owganystan Pakistanyň howa hüjümlerinde asuda ilatdan azyndan üç adamyň ölendigini aýtdy
Owganystan Pakistanyň howa hüjümlerinde asuda ilatdan azyndan üç adamyň ölendigini aýtdy

Owganystan Pakistanyň ýurduň gündogarynda guran howa hüjümlerinde azyndan üç adamyň ölendigini we dört adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Owganystanda ýerleşýän “Pajhwok” habarlar agentliginiň habaryna görä, Owganystanyň hökümetiniň metbugat wekili Zabihullah Müjahid Pakistanyň goşunynyň ýurduň gündogaryndaky Kunar we Paktika welaýatlaryna howa hüjümlerini amala aşyrandygyny aýan etdi.

Müjahid hüjümde asuda ilatdan azyndan üç adamyň ölendigini we dört adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Metbugat wekili Müjahid hüjümde käbir öýlere we kärhanalara zyýan ýetendigi barada hem maglumat berdi.

Müjahid hüjümleri ýazgardy we olaryň "degişli gaýtawul" bilen jogap beriljekdigini aýtdy.

Pakistan: Owganystan bilen serhetleşýän sebitde "28 terrorçy" täsirsiz ýagdaýa getirildi

Pakistanyň Maglumatlar ministrligi: "Ygtybarly aňtaw maglumatlaryna esaslanyp, Owganystan serhedindäki Fitne al-Hawarij we degişli toparlaryň terrorçy lagerlerine we gizlenýän ýerlerine garşy takyk we saýlama howa hüjümleri geçirildi. Aralarynda kamikaze hüjümçilerine tälim berilýän merkez hem bolan, 3 aýry nyşana takyk ýagdaýda ýok edildi we 28 terrorçy öldürildi" diýip belledi.