SYÝASAT
1 minut okamak
Russiýa, Ýaponiýadan ABŞ-a degişli raketa ulgamlaryny öz territoriýasyndan çykarmagyny talap etdi
Metbugat sekretary Zaharowa Ýaponiýa Hytaýyň hem şuňa meňzeş nota berendigini aýtdy.
Russiýa, Ýaponiýadan ABŞ-a degişli raketa ulgamlaryny öz territoriýasyndan çykarmagyny talap etdi
(ARHIW) Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa

Russiýa Ýaponiýadan ýurtdaky ABŞ-na degişli “Tifon” raketa ulgamlaryny çykarmagyny talap edendigini habar berdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa beren ýazmaça beýanatynda ABŞ-a degişli “Tifon” raketa ulgamlarynyň Ýaponiýanyň Kýuşu adasynda ýerleşdirilendigini aýtdy.

Zaharowa bu mesele boýunça 3-nji sentýabrda Ýaponiýanyň Moskwadaky ilçihanasyna protest notasynyň berilendigini belläp, şol ulgamlaryň Russiýanyň milli howpsuzlygyna we sebitleýin howpsuzlyga wehim salýandygyny nygtady.

Zaharowa şeýle diýdi: “Ýaponiýa bu ulgamlaryň haýsydyr bir sebäp bilen öz çäginde, möhletine garamazdan ýerleşdirilmeginiň kabul ederliksizdigi bildirildi. Ýaponiýa tarapyndan şeýle hereketleriň besil megi we agzalýan ulgamlaryň öz çäginden çykarylmagy talap edildi. Şunuň bilen birlikde, Ýaponiýanyň ýolbaşçylarynyň Günorta Kuril adalary bilen bagly territorial mesele ýaly Ikinji jahan urşunyň netijelerini kabul etmelidigi we ýaraglanmak syýasatyndan ýüz öwürmelidigi nygtaldy.”

Mariýa Zaharowa Hytaýyň hem Ýaponiýa şuňa meňzeş nota berendigini aýtdy.