SYÝASAT
1 minut okamak
Somalide Türkiýä minnetdarlyk ýörişi geçirildi
Somalide geçirlen ýörişde Türkiýäniň berýän goldawyna minnetdarlyk bildirildi.
Somalide Türkiýä minnetdarlyk ýörişi geçirildi
Somalide Türkiýä minnetdarlyk ýörişi geçirildi

Somaliler Türkiýäniň ýurtlaryna berýän goldawyna minnetdarlyk bildirmek maksady bilen ýöriş geçirdi.

Somaliniň Kommunikasiýalar edarasynyň başlygynyň orunbasary Nasra Bashir Ali Fajebook arkaly beren habarnamasynda, ýurtda Türkiýä minnetdarlyk ýörişiniň geçirlendigini mälim etdi.

Ali habarnamasynda, “Türkiýe Respublikasynyň Somala berýän goldawlary üçin ýurduň çar tarapynda ýöriş geçirilýär. Sagbol Türkiýe” diýdi.

Ýörişlere Türkiýäniň we Somaliniň baýdagyny göteren köp sanly adam gatnaşdy.

Türkiýäniň uly baýdagyny göteren somaliler özlerine berilýän kömeklere minnetdarlyk bildirdi.