Türkiýäniň Daşary işler ministrligi çarşenbe güni Siriýanyň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän Idlib welaýatynda söweşiň galyndylaryny bir ýere jemlemek üçin ulanylýan ammarda bolan partlamada ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.
Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Sermada etrabynda bolan partlamada ýogalanlara gynanç bildirildi.
MASLAHAT BERILÝÄR
Beýannamada “Idlibiň Sermada etrabyndaky ammarda 9-njy sentýabrda bolan partalamada ýogalanlara uly gynanç bildirýäris. Wakada ýogalanlara Alladan rehnet, hossarlaryna we Siriýanyň halkyna duýgudaşlyk bildirýäris” diýildi.
Siriýaly resmiler partlamada 10 adamyň hem ýaralanandygyny mälim etdi.



















