Gresiýada Günbatar Nil wirusy sebäpli soňky bir hepde-de 58 adam bellige alyndy. Şeýlelikde wirus sebäpli bellige alynanlaryň sany 290 adama ýetdi.
Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, üstümizdäki ýylyň başyndan 2-nji sentýabra çenli 65 ýaşyndan ýokary bolan jemi 24 adam hem wirus sebäpli ýogaldy.
Ýurtda jemi 69 etrapda wirusa gabat gelinendigi bellenildi.
Esasan Attika sebitinde wirusyň ýaýbaňlanýandygy nygtaldy.
MASLAHAT BERILÝÄR
Gresiýanyň Milli jemgyýetçilik saglygyny goraýyş guramasy, wirusyň gözegçilik astyna alynmagy üçin siňege garşy göreşiň we şahsy gorag çäreleriniň görülmeginiň möhümdigini mälim etdi.


















