DÜNÝÄ
1 minut okamak
Nepaldaky sil apatynda ýogalanlaryň sany 900 adamdan geçdi
Nepal-Tibet serhedindäki buz gatlagynyň çökmegi sebäpli dörän sil apatlaryndan soň başladylan halas ediş işleri eýýäm 6 gün bäri dowam edýär, bu betbagtçylykdaýogalanalryň sany 919 adama ýetdi, 4793 adam bolsa dereksiz ýitdi.
Nepaldaky sil apatynda ýogalanlaryň sany 900 adamdan geçdi
Nepaldaky sil apatynda ýogalanlaryň sany 900 adamdan geçdi

Nepalyň tebigy betbagtçylyklar boýunça resmileri duşenbe güni Hytaý serhedine golaý ýerlerde bolan weýran ediji sil apatlarynyň azyndan 903 adamyň ölümine sebäp bolandygyny we dereksiz ýitenleriň sanynyň 4247-ä ýetendigini, halas ediş işleriniň altynjy gününe girendigini habar berdiler.

Hytaýyň döwlet metbugaty ozal Tibetde çarşenbe güni bolan betbagtçylykdan soň 16 adamyň ölendigini we 546 adamyň dereksiz ýitendigini tassyklapdy, netijede ölenleriň umumy sany 919-a, dereksiz ýitenleriň sany bolsa 4793-e ýetdi.

Nepalyň çap eden dereksiz ýiten adamlaryň sanawynda 592 daşary ýurtly bar. Milli betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we dolandyrmak edarasynyň maglumatlaryna görä, sanawda sil suwunyň akan derýanyň kenarlaryndaky gidroelektrik gurluşyklarynda işleýän 933 işçi hem bar.

Nepalyň tebigy betbagtçylyklara kömek gullugy duşenbe güni irden dereksiz ýiten raýatlaryň sanyny täzeläp, olaryň sanynyň 3655-e ýetendigini habar berdi.

Dereksiz ýiten adamlaryň arasynda Nepal goşunynyň 45 esgeri, 38 polisiýa işgäri we ýaragly polisiýa işgäri, şeýle hem 19 gümrük we immigrasiýa işgäri bar.