Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Önjü Keçeli sosial media hasabynda Gresiýanyň yglan eden "Senagat we üpjünçilik zynjyry üçin ýörite giňişlik çarçuwasy" barada beyanat berdi.
Keçeli: “Gresiýanyň şu gün (28-nji awgust) yglan eden Senagat we üpjünçilik zynjyrlary üçin ýörite giňişlik çarçuwasy, şol sanda eýeçiligi halkara ylalaşyklary arkaly Gresiýa geçirilmedik geografiki düzümler bilen birlikde iki ýurduň arasyndaky özara baglanyşykly Egeý meseleleriniň çäginde ýurdumyz taýdan hiç hili kanuny netije bermez” diýdi.
Keçeli Türkiýäniň 2023-nji ýylyň 7-nji dekabryndaky "Afiny dostlukly gatnaşyklar we hoşniýetli goňşuçylyk baradaky jarnamasyna" laýyk gelýän çemeleşmäniň kabul edilmelidigi baradaky pozisiýasyny saklaýandygyny belläp, Egeý deňziniň kenarýakasyndaky iki döwletiň biri hökmünde Gresiýa bilen hyzmatdaşlyk etmäge hemişe taýýardyklaryny beýan etdi.




















