SYÝASAT
1 minut okamak
Daşary işler ministri Hakan Fidan kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Daşary işler ministri Hakan Fidan, Müsüriň Daşary işler ministri Bedir Abdulati we Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Ferhan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Daşary işler ministri Hakan Fidan kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Daşary işler ministri Hakan Fidan kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Daşary işler ministri Hakan Fidan, NSosial arkaly beren habarnamasynda müsürli kärdeşi Bedir Abdulati we saud arabystanly kärdeşi Faýsal bin Ferhan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini mälim etdi.

Ministr Fidan “Telefon söhbetdeşliklerimizde Gaza parahatçylyk meýilnamasynyň durmuşa geçirmegi meselesi barada pikir alyşdyk” diýdi.

Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda hem pikir alyşandyklaryny aýdan Fidan, Siriýada durnuklylygyň we howpsuzlygyň ýola goýulmagyna güýçli goldaw berýändiklerini ýatlatdy.

Telefon söhbetdeşliginde Ormuz bogazyndaky soňky ýagdaý we ABŞ bilen Eýranyň arasynda dowam edýän gepleşiklerde ýetilen soňky sepgit meselesiniň hem gün tertibine getirlendigini aýdan Fidan “Sebitimizde parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagyny isleýän 3 doganlyk ýurt hökmünde ähli taraplaýyn ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge dowam ederis” diýdi.