DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ganhor Ysraýyl ylalaşyga garamazdan Gazada çadyrlara hüjüm gurady
Ganhor Ysraýylyň harby goşuny ylalaşyga garamazdan Gaza Sektorynyň günortasynda ýerleşýän Han Ýunus şäherinde öýlerinden jyda düşen palestinlileriň bolýan çadyrlaryna hüjüm gurady.
Ganhor Ysraýyl ylalaşyga garamazdan Gazada çadyrlara hüjüm gurady
Ganhor Ysraýyl ylalaşyga garamazdan Gazada çadyrlara hüjüm gurady

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Ysraýylyň harby goşuny Han Ýunusyň günbatarynda ýerleşýän Aksa uniwersitetiniň golaýynda öýlerinden jyda düşenleriň bolýan çadyr şäherçesine hüjüm gurady.

Hüjümde köp sanly palestinliniň ýaralanandygy nygtaldy emma ýaralananlaryň saglyk ýagdaýy hakynda maglumat berilmedi.

Ysraýyl Gaza Sektorynda ylalaşyga garamazdan asuda ilaty we ilatly ýerleri nyşana almaga dowam edýär.

Ysraýylyň Gazada ylalaşygyň gazanylan günü bolan 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde 1262 adam ýogaldy, 4 müň 168 adam ýaralandy. Harabalygyň aşagynda galan 808 adamyň jesedi tapyldy.

Ysraýylyň 2023-nji ýyldan bäri Gaza Sektoryna guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň jemi sany bolsa 73 müň 391 adama, ýaralananlaryň sany bolsa 174 müň 280 adama ýetdi.

Gazada harabalyklaryň aşagynda henizem müňlerçe jesediň bardygy nygtalýar.

 

Öwren