Müsüriň paýtagty Kairdäki söwda merkezinde bolan partlamada üç adam öldi, 17 adam ýaralandy.
Täze Kair sebitindäki "Arabella Plaza" söwda merkeziniň birinji gatynda ýerleşýän sowgat we oýunjak dükanlarynda geliý gaz ballonynyň partlamagy netijesinde ýangyn ýüze çykdy.
Wakada üç adam öldi, 17 adam ýaralandy.
Müsüriň Içeri işler ministrligi partlamanyň "Arabella Plaza" söwda merkezinde bolandygyny we soňra dörän kiçi ýangynyň raýat goranyş toparlary tarapyndan gözegçilik astyna alandygyny mälim etdi.
Partlamanyň golaýdaky käbir dükanlaryň penjirelerine hem zyýan ýetirendigi habar berildi.
Müsüriň Baş prokuraturasynyň partlama bolan dükanyň eýesini tussag etmek barada buýruk berendigi habar berilýär.
Baş prokuratura deslapky derňewleriň partlamanyň gaz ballonyndan bolandygyny anyklandygyny we wakanyň sebäbini derňemek üçin hünärmen toparlarynyň bellenendigini yglan etdi.
Waka bilen baglanşykly derňew işiniň dowam edýändigi mälim edildi.




















