Taýlantda anna güni Bangkogyň demirgazygynda ýerleşýän litseýde çem gelen ýere od açan okuwçy 8 adamy öldürenden soň öz janyna kast etdi.
Içeri işler ministriniň orunbasary Polaperre Suwuçwu, Nonthabury sebitindäki Debsirin Nonthaburi mekdebine guralan hüjümde mugallymlar we okuwçylar bilen birlikde 8 adamyň ýogalandygyny, wakada 23 adamyň hem ýaralanandygyny mälim etdi.
Ýolbaşçylar hüjümçiniň şol litseýde okaýandygyny mälim etdi.
Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hüjümçiniň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirlendigini nygtaýar. Käbir çeşmeler bolsa ýaş hüjümçiniň öz janyna kast edendigini öňe sürýär.
Içeri işler ministrligi ýaş hüjümçiniň ýaragy nireden alandygy meselesi boýunça iş gozgady. Bu waka ýurtda ýaraga elýeterlilik meselesini gaýtadan gün tertibine getirdi.





















