TÜRKIÝE
1 minut okamak
Ýokary Harby Geňeşiň maslahaty geçirler
Geňeş Türkiyäniň Ýaragly Güýçlerinde wezipä ýokarlandyrylmalar, bellenmeler, pensiýa çykmalar we gulluk möhletini uzaltmak barada kararlar kabul eder. Geňeşiň kararlary Prezidentiň tassyklamagyndan soň yglan ediler.
Ýokary Harby Geňeşiň maslahaty geçirler
Ýokary Harby Geňeşiň maslahaty geçirler

Ýokary Harby Geňeşiň (ÝHG) maslahaty Prezident Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde Beştepede geçirler.

Käbir adamlaryň wezipesi ýokarlandyrylar, beýlekileri bolsa başga işe bellener. Generallaryň, admirallaryň we polkownikleriň gulluk şertleri baradaky faýllar gözden geçiriler.

Ýokary Harby Geňeşiň (ÝHG) maslahaty Prezident Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde Beştepede geçirler.

Beştepedäki maslahat Ýokary Harby Geňeşiň agzalarynyň Anytkabire zyýarat edenlerinden soň başlar.

Prezident Erdoganyň ýolbaşçylygyndaky maslahata Adalat ministri Akyn Gürlek, Içeri işler ministri Mustafa Çiftçi we Gury ýer goşunlarynyň serkerdesi general Metin Tokel ilkinji gezek gatnaşarlar.

Ýokary Harby Geňeşiň kararlary Prezident Erdogan tarapyndan tassyklanandan soň halk köpçüligine mälim ediler.