Gije Kiýewe, Lwowa we merkezi Ukraina garşy güýçli hüjümler guraldy, şol bir wagtyň özünde Russiýanyň raketa hüjümlerinde Kriwoý Rogda çagalar bilen birlikde alty adam öldi we Ukrainanyň tapawutly ýerlerinde guralan hüjümlerde şeýle hem onlarça adam ýaralandy.
Ýerli resmileriň maglumatlaryna görä, Russiýanyň Kriwoý-Rog şäherine guran raketaly hüjümlerinde çagalar bilen birlikde alty adam ýogaldy, sekiz adam ýaralandy.
Lwowda şäheriň häkimi Russiýanyň howa hüjümlerinde alty adamyň ýaralanandygyny tassyklady.
Rus güýçleriniň ýaşaýyş jaý bolmadyk nyşanalara ballistik raketalar bilen hüjüm guramagy bilen paýtagt Kiýewde köp sanly partlamalaryň sesi eşidildi.
Kiýewiň şäher häkimi Witaliý Kliçko Russiýanyň paýtagt Kiýew şäherini ballistik raketalar bilen nyşana alandygyny we käbir ýaşaýyş jaý bolmadyk binalarda ýangynlaryň bolandygyny belläp, ýaşaýjylara gaçybatalgalara gitmekleri barada çagyryş berdi.
Çarşenbe güni agşam Zelenskiý Russiýanyň uly hüjüme taýýarlanýandygyny duýduryp: "Ruslar birnäçe gün mundan ozal uly hüjüme taýýarlyk gördüler we bu hüjümiň şu gije bolmagynyň ähtimallygy ýokary. Şu gün Ukrainanyň ähli sebitlerinde howa hüjümi baradaky duýduryşlara üns beriň we howpsuz ýerde galyň" diýip nygtady.



















