DÜNÝÄ
1 minut okamak
Pakistanda we Hindistanda aşa köp ýagýan ýagyşlar sebäpli ýogalanlaryň sany artýar
Muson ýagyşlary Pakistana we Hindistana ýaramaz täsirini ýetirmäge dowam edýär.
Pakistanda we Hindistanda aşa köp ýagýan ýagyşlar sebäpli ýogalanlaryň sany artýar
Pakistanda we Hindistanda aşa köp ýagýan ýagyşlar sebäpli ýogalanlaryň sany artýar

Pakistanda aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil sebäpli ýogalanlaryň sany 37 adama ýetdi.

Haýber Pahtunhwa, Penjap we Gilgit sebitinde muson ýagyşlary 19-njy iýuldan bäri gündelik durmuşa ýaramaz täsirini ýetirýär.

Ýolbaşçylar mosun ýagyşlary bilen gelen sil sebäpli Haýber Pahtunhwada 20, Penjapda bolsa 17 adamyň ýogalandygyny habar berdi.

Muson ýagyşlarynyň Gilgit Baltistan bilen Pakistanyň gözegçiligi astynda bolan Kaşmir sebitinde ýeriň süýşmegine we erkin meýdanlarynyň suwyň aşagynda galmagyna sebäp bolandygy nygtaldy.

Hindistanyň demirgazyk gündogarynda ýerleşýän Assam sebitinde aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil sebäpli ýogalanlaryň sany 41 adama ýetdi.

Sebitde soňky 24 sagatda sil sebäpli ýene-de 10 adamyň ýogalandygy bellenildi.

Muson ýagyşlary 25 sebitde jemi 727 müň adama uly zeper ýetirdi.

Assam sebitiniň ýolbaşçylary sil sebäpli 100-den gowrak adamyň dereksiz ýitendigini we ýogalanlaryň sanynyň ýokarlap biljekdigini mälim etdi.

Sebitde dowam edýän gözleg we halas ediş işlerine Hindistanyň harby goşuny hem goldaw berýär.