Türkiýäniň Hasabat guramasynyň görkezijilerine görä, Türkiýede 919 desgada doňdurma öndürilýär.
Geçen ýyl süýt we süýt önümlerinin eksporty 535 million dollara barabar bolupdy.
Şol eksportuň 72,8 million dollarlyny doňdurma emele getirdi. Ady agzalýan döwürde doňdurma importy bolsa 12,7 million dollara barabar boldy.
Üstümizdäki ýylyň ilkinji 4 aýlyk döwründe Yrak, ABŞ, DKTR, Kosowa we Gazagystan bilen birlikde birnäçe ýurda 23,5 million dollarlyk doňdurma eksport edildi.













