DÜNÝÄ
1 minut okamak
Eýran: "Bender Abbas, Sirik, Jask şäherlerinde we Keşm adasynda täze partlamalaryň sesleri eşidildi"
Hüjümlerde adam pidalarynyň bolandygy barada habar berilmedi.
Eýran: "Bender Abbas, Sirik, Jask şäherlerinde we Keşm adasynda täze partlamalaryň sesleri eşidildi"
Eýran: "Bender Abbas, Sirik, Jask şäherlerinde we Keşm adasynda täze partlamalaryň sesleri eşidildi"

ABŞ-nyň hüjüm başlandygyny yglan eden Eýranyň Bender Abbas, Sirik we Jask şäherlerinde, şeýle hem Keşm adasynda täze partlamalaryň sesleri eşidildi.

Eýranyň metbugatynda çap edilen habarlara görä, ýurduň günorta sebitinde ýerleşýän Sirik we Bender Abbas şäherlerinde 10 aýry partlama boldy.

Ýarym resmi Mehr habar agentligi Buşehr welaýatynda hem partlamalaryň sesleriniň eşidilendigini habar berdi.

Hormozgan welaýatynyň gubernatorlygy hüjümlerde häzirlikçe adam pidalarynyň bolmandygyny habar berdi.