ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeligi CENTCOM, Eýranyň Ormuz bogazyndan geçen üç söwda gämisine hüjüm guramagyndan soň Eýrana garşy hüjüm başladandygyny habar berdi.
ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeliginiň X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeligi, halkara suw giňişliginde asuda ilatdan ybarat ekipaža hüjüm edilendigi sebäpli degişli gaýtawulyň görkezilmegi maksady bilen täze hüjüm başlatdy” diýildi.
ABŞ-nyň harby goşuny soňky habarnamasynda bolsa Eýranda 80 ýeriň nyşana alynandygyny mälim etdi.
Hüjümlerde Eýranyň Ynkylap goragçylaryna degişli 60-dan gowrak kiçi gämä hüjüm guralandygy nygtaldy.
Beýleki tarapdan Eýranly harbylar, Ormuz bogazyndan geçýän söwda gämileri we nebit tankerleri üçin ýeke-täk howpsuz ýoluň Tähran tarapyndan kesgitlenen ýoldygyny aýan etdi we strategiýa taýdan uly rol oýnaýan bu suw ýoluna ABŞ tarapyndan hüjüm guralmagyna rugsat berilmejekdigine ünsi çekdi.
Dartgynlyk möwjeýär
Katar Ormuz bogazynyň golaýynda Eýranyň Katara degişli gämini nyşana almagyny ýazgardy we Tährana energiýa üpjünçiligine wehim salmakdan ýüz öwürmegi üçin çagyryş etdi.
Axiosyň Amerikaly iki resmä esaslanýan habaryna görä, Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunynyň duşenbe güni Ormuz bogazyndan geçýän söwda gämilerine azyndan iki raketa atdy.
Amerikaly resmiler hüjümde adam pidasynyň çekilmändigini aýan edipdi.






















