Gazadaky Saglygy goraýyş ministrligi, Ysraýylyň Gaza guran hüjümleri sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 8 palestinliniň ýogalandygyny, 26 adamyň hem ýaralanandygyny mälim etdi.
Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan berlen beýannamada, Ysraýylyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 73 müň 66 adama ýetdi.
Beýannamada soňky 24 sagatda Gazadaky hassahanalara 8 adamyň jesediniň getirlendigi nygtaldy.
Ysraýylyň soňky hüjümlerinde 26 adamyň hem ýaralanandygy ýatladyldy.
Ysraýylyň harby goşuny 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda gazanylan ylalaşyga garamazdan bombaly we ýaragly hüjümlerini dowam etdirýär.
Ylalaşyga garamazdan Ysraýylyň guraýan hüjümleri sebäpli ýogalan palestinlileriň sany 1053, ýaralananlaryň sany bolsa 3 müň 406 adama ýetdi.
Hüjümler sebäpli Gazanyň esasy bölegi ýykyldy.
BMG-na görä, Gazanyň gaýtadan dikeldilmeginiň gymmaty 70 milliard dollara barabar bolup biler.














