DÜNÝÄ
1 minut okamak
Katardaky güýçli partlama onlarça adamyň ýaralanmagyna we dereksiz ýitmegine sebäp boldy
Kataryň resmileri uly senagat partlamasynyň netijesinde 54 adamyň ýaralanandygyny we 18 adamyň dereksiz ýitendigini tassyklady.
Katardaky güýçli partlama onlarça adamyň ýaralanmagyna we dereksiz ýitmegine sebäp boldy
Katardaky güýçli partlama onlarça adamyň ýaralanmagyna we dereksiz ýitmegine sebäp boldy

Içeri işler ministrligi Kataryň Ras Laffan senagat şäherinde ýerleşýän zawodda tehniki näsazlyk sebäpli partlama bolandygyny, wakada 54 adamyň ýaralanandygyny we 18 adamyň bolsa dereksiz ýitendigini habar berdi.

Raýat goranyş toparlary we ýörite halas ediş toparlary ýekşenbe güni agşam bolan partlamadan soň wakanyň bolan ýerine gönükdirildiler we dessine işe girişdiler.

Ministrlik senagat zolagyndaky desgalaryň birinde iş wagtynda tehniki näsazlygyň bolandygyny tassyklady; ýöne jemgyýetçilik howpsuzlygyna howp salýan hiç hili syzmanyň hasaba alynmandygyny aýtdy.

Wakalara ýakyndan gözegçilik edýän Içeri işler ministrligi resmi sosial media kanalyndan beren beýanatynda: "Ras Laffan senagat zolagyndaky zawodlaryň birinde bolan wakada ýaralananlaryň sany 54-e ýetdi; Içerki howpsuzlyk güýçleriniň (Lehwiýa) Katar halkara gözleg we halas ediş topary raýat goranyş toparlary bilen hyzmatdaşlykda ýiten 18 adamy tapmak üçin işe girişdi” diýip aýan etdi.

Adatdan daşary ýagdaýlara jogap berýän toparlar ýangyny gözegçilik astyna alyp, ony söndürmegiň hötdesinden geldiler.