SYÝASAT
1 minut okamak
Fidan: “Türkiýe Ukraina meselesiniň çözülmegine ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam eder”
Daşary işler ministri Fidan bilen rus kärdeşi Lawrow toparara duşuşygyň öňüsyrasynda metbugata beýannama berdi.
Fidan: “Türkiýe Ukraina meselesiniň çözülmegine ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam eder”
Fidan: “Türkiýe Ukraina meselesiniň çözülmegine ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam eder”

Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow paýtagt Moskwada duşuşdy.

Fidan bilen Lawrow toparara duşuşygyň öňüsyrasynda metbugata beýannama berdi.

Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň iki ýurduň lideriniň öňbaşçylyk etmeginde gün saýyn pugtalanýandygyny aýdan Fidan, Kawkazyň, Ýakyn Gündogaryň, Orta Aziýanyň we Afrikanyň başda durmagynda sebitara we halkara meseleler boýunça pikir alyşjakdyklaryny ýatlatdy.

Daşary işler ministri Fidan, Türkiýäniň Ukraina meselesiniň çözülmegine ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtady.

Fidan “Türkiýe ähli töwellaçylyk tagallalaryna goşant goşar”diýip belledi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem Hakan Fidanyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýeti Moskwada myhman almakdan hoşaldygyny belledi.

Lawrow “Saparyň gün tertibinde özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler esasy orun eýeleýär. Ýakyn Gündogardan Günorta Kawkaza we Orta Aziýa çenli birnäçe meseläni ara alyp maslahatlaşarys. Türk dostlarymyzyň Ukraina melesiniň adalatly ýagdaýda çözülmegi üçin edýän tagallasyna uly ähmiýet berýäris” diýdi.