Ermenistanyň resmi habarlar gullugy “Armenpressiň” berýän habaryna görä, 7-nji iýunda geçirlen saýlawlarda parlamentde esasy köplüge eýe bolan Paşinýan, Ministrler kabinetiniň mejlisinde eden çykyşynda, ýurdunyň eksportyny artdyrmagy maksat edýändigini aýtdy. Paşinýan şol çäkde Ermenistan-Türkiýe demir ýolunuň açylmagyny umyd edýändigini belledi.
Nikol Paşinýan “Ahylkelek-Kars demir ýolunyň iki liniýasy hem açyk. Bu meseläni Gruziýanyň Premýer-ministri bilen ara alyp maslahatlaşdym. Türkiýäniň Prezidenti bilen hem mesele hakynda pikir alyşdym. Ol hem bu liniýalaryň açykdygyny belledi. Ermenistan-Türkiýe demir ýolunyň hem gysga wagtda açylmagyny umyd edýäris” diýdi.
Paşinýan Azerbaýjany Nahiçewan bilen birleşdirjek halkara parahatçylyk we durnuklylyk üçin Tramp liniýasy taslamasynyň diýseň möhümdigine üni çekdi.















