SYÝASAT
1 minut okamak
Russiýa bilen Ukraina ýesirlerini çalyşmaga dovam edýär
Russiýa bilen Ukraina ýesir çalşygy ylalaşygynyň çäginde 185 ýesirini çalyşdy.
Russiýa bilen Ukraina ýesirlerini çalyşmaga dovam edýär
Russiýa bilen Ukraina ýesirlerini çalyşmaga dovam edýär / Reuters

Russiýa Ukraina bilen täze ýesir çalşygy ylalaşygynyň çäginde185 ýesiriň çalşylandygyny habar berdi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden anna güni berlen beýannamada, Birleşen Arap Emirlikleriniň ady agzalýan ýesir çalşygyna tövellaçylyk edendigi nygtaldy.

Beýannamada, rus esgerleriniň Belarusa barandygy ve Russiýanyň Adam hukuklary boýunça ýokary komisary Ýana Lantratovanyň esgerlere ýoldaşlyk edýändigi bellenildi.

Beýannamada boşadylan ýesirleriň Belarusda saglyk gözegçiliginden geçiriljekdigi ve Russiýa ugradyljakdygy ýatladyldy.

Ýokary derejeli ukrainaly ýolbaşçylar ýesir çalşygy üçin taýarlyklaryň soňky hepdelerde başlandygyny nygtady.

Taraplar Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý 4 ýyldan bäri dovam edýän çaknyşygyň bes edilmegi üçin rus kärdeşi Vladimir Putine iki çäk duşuşyk geçirmegi teklip etmeginden bir gün soň ýesirlerini çalyşdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi 5-nji iýunda Ukraina tarapyndan 185 rus esgeriniň boşadylandygyny övezinde  Russiýa tarapyndan hem ukrainaly 185 esgeriň boşadylandygyny mälim etdi.