Tramp bilen Şara telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
SYÝASAT
1 minut okamak
Tramp bilen Şara telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiSiriýanyň Prezidenti Ahmed Şara, ABŞ-nyň Siriýa goýan sanksiýalarynyň bes edilmeginiň ýurduň ykdysady taýdan galkynyşynda uly rol oýnajakdygyny aýtdy.
Tramp bilen Şara telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi / Reuters

Siriýa tarapyndan berlen beýannama görä, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Tramp bilen Şara telefon söhbetdeşliginde Siriýanyň gaýtadan dikeldiş etaby we sebitiň durnuklylygy üçin edilýän tagallalar hakynda pikir alyşdy.

Ahmed Şara telefon söhbetdeşliginde ABŞ-nyň Siriýa goýan sanksiýalarynyň bes edilmeginiň ýurduň ykdysady taýdan galkynyşynda uly rol oýnajakdygyny nygtady.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp hem durnuklylygyň goralmagyna we Siriýanyň gaýtadan dikeldiş etabyna goldaw bermäge dowam etjekdiklerini belledi.

Tramp sebitara howpsuzlygy we parahatçylygy güýçlendirmek we dartgynlygyň möwjemeginiň öňüni almak üçin diplomatiýa we gepleşiklere ähmiýet berilmelidigini nygtady.