Eýranyň prezidenti Mesud Pezeşkiýan öz ýurduna garşy ykdysady basyşlara ünsi çekip, munuň onuň "harby mümkinçiliklerine" zyýan ýetirip biljekdigini aýtdy.
Pezeşkiýan paýtagt Tähranda geçirilen "Ýokary kazyýet geňeşiniň" mejlisinde häzirki meseleler barada beýanat berdi.
Pezeşkiýan "duşmana" garşy berk pozisiýa eýelenilende, jemgyýetiň belli bir kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigini aýtdy. Pezeşkiýan Nowruz, Oraza aýynyň we urşuň bir wagtyň özünde ýüze çykandygyny we bazarda ýetmezçilik bolmasa-da, käbir önümleriň bahalarynyň ýokarlanandygyny belledi we muny hökümetiň biperwaýlygy bilen däl-de, ykdysady şertlere we käbir çäklendirmelere baglanyşdyrdy.
Pezeşkiýan öz ýurdunyň häzirki wagtda "doly möçberli urşuň içinde" bolandygyny belläp, "Ykdysady basyşlar biziň harby mümkinçiliklerime zyýan ýetirip biler. Ýaragly güýçler ýurdy yhlas bilen goraýar. Şeýle-de bolsa, ykdysady basyşlar sosial nägileligiň döremegine getirýär we bu nägilelik ýaýrasa, halkyň režime bolan goldawyna zyýan ýetip biler" diýdi.


















