DÜNÝÄ
1 minut okamak
Lawrow Çoe bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary we howpsuzlyk meselelerini maslahatlaşdy
Çoe düýn Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin tarapyndan hem kabul edilipdi.
Lawrow Çoe bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary we howpsuzlyk meselelerini maslahatlaşdy
Lawrow Çoe bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary we howpsuzlyk meselelerini maslahatlaşdy

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Demirgazyk Koreýanyň daşary işler ministri Çoe Son-hui bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary we howpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatyna görä, Lawrow ýurda sapar guran Çoe bilen paýtagt Moskwada duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar, şeýle hem sebitleýin we halkara howpsuzlygy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Lawrow duşuşygyň başynda beren beýanatynda, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ynyň arasyndaky gepleşikleriň dowam edýändigini belläp: "2024-nji ýylda Phenýanda iki lideriň kabul eden kararlary yzygiderli durmuşa geçirilýär. Iki ýurduň daşary işler ministrlikleri bu prosese goşant goşýarlar" diýip habar berdi.

Lawrow ikitaraplaýyn gatnaşyklary tizleşdirmegiň we sebitleýin we halkara howpsuzlyk meseleleriniň çözülmegine goşant goşmagyň möhümdigini nygtady we Demirgazyk Koreýa esgerleriniň Russiýanyň territoriýasy bolan Kursk sebitini ukrain esgerlerinden arassalamak işine gatnaşandyklaryny ýatlatdy.

Demirgazyk Koreýanyň daşary işler ministri Çoe düýn Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin tarapyndan kabul edilipdi. Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar ele alynypdy.