YKDYSADYÝET
1 minut okamak
4 aýda 872 million dollarlyk haly eksport edildi
Türk halyçylary üstümizdäki ýylyň ilkinji 4 aýlyk döwründe 872 million dollarlyk haly eksport etdi.
4 aýda 872 million dollarlyk haly eksport edildi
5 aýda 872 million dollarlyk haly eksport edildi

Türk haly pudagy 2026-njy ýylyň ýanwar-aprel aýlaryny öz içine alýan döwürde 871 million 732 müň dollarlyk haly eksport etdi.

“Anadoly Habarlar” gullugynyň, Türkiýäniň Eksportçylar mejlisiniň görkezijilerine esaslanýan habaryna görä, üstümizdäki ýylyň ilkinji 4 aýlyk döwründe 172 million 946 müň inedördül metrlik haly eksport edilip, 871 million 732 müň dollarlyk girdeji gazanyldy.

Haly eksporty geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 2,1 göterim artdy.

Haly eksportunda ABŞ 250 million 298 müň dollar bilen birinji orny eýedi.

ABŞ-dan soň eksport sanawynda 120 million 951 müň dollar bilen Saud Arabystany ikinji, 68 million 400 müň dollar bilen Britaniýa üçünji orny eýeledi.