Russiýanyň günortasynda ýerleşýän Rostow we Krasnodar sebitiniň resmileri şenbe güni Ukraina degişli dronlaryň ýary gije Russiýanyň Taganrog portunda bir tankere we Armawir şäherindäki nebit ammaryna hüjüm gurandygyny habar berdi.
Rostowyň häkimi Ýuriý Slýusar, Telegramdan beren habarnamasynda 240 müň ilaty bolan Taganrog şäherindäki portda tankere guralan hüjüm sebäpli başlan ýangynyň söndürlendigini, hüjümde 2 adamyň ýaralanandygyny nygtady.
Şäherde 27-nji maýda yglan edilen adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň möhlediniň uzadylandygy bellenildi.
Goňşy Krasnodar sebitinde 185 müň ilaty bolan Armawir şäheriniň senagat zolagynda ýangyç ammaryna guralan hüjüm sebäpli başlan ýangynyň gözegçilik astyna alynandygy, wakada adam pidasynyň çekilmändigi ýatladyldy.
Rostowyň häkimi Ýuriý Slýusar sebitde 50 dronyň urlup düşürlendigi belledi.
Sebit Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky çaknyşyklaryň merkezi bolan Donbas serhedinde ýerleşýär.
Ukrainanyň uçarmansyz howa ulaglarynyň serkerdesi, dronlaryň basyp alyşyk astyndaky Krymda nebit desgasyny nyşana alandygyny habar berdi.















