DÜNÝÄ
1 minut okamak
Tramp: Eýranyň baýlaşdyrylan urany "dessine" ABŞ-a berler ýa-da başga ýerde ýok ediler
ABŞ-nyň prezidenti Eýranyň ýokary derejede baýlaşdyrylan uranynyň resmi gözegçilik astynda we Tähran bilen utgaşdyrylyp, "ýerleşýän ýerinde" ýa-da başga bir  ýerde ýok edilmegini isleýär.
Tramp: Eýranyň baýlaşdyrylan urany "dessine" ABŞ-a berler ýa-da başga ýerde ýok ediler
Tramp: Eýranyň baýlaşdyrylan urany "dessine" ABŞ-a berler ýa-da başga ýerde ýok ediler

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýranyň baýlaşdyrylan uran gorunyň ýok etmek üçin "dessine" ABŞ-a beriljekdigini ýa-da "ýerleşýän ýerinde ýa-da başga bir kabul edip bilinjek ýerde" ýok ediljekdigini aýtdy.

Tramp duşenbe güni özüniň “Truth Social” hasabyndan beren beýanatynda: “Baýlaşdyrylan uran, ýadro tozany, dessine ABŞ gowşurlyp ýurda getirilmeli we ýok edilmeli, ýa-da Eýran Yslam Respublikasy bilen utgaşyklykda, Atom energiýasy boýunça komissiýa ýa-da deň derejeli edaranyň bu prosese şaýat bolmagy bilen ýerleşýän ýerinde ýa-da başga bir kabul edip bilinjek ýerde ýok ediler” diýdi.

Bu habar ABŞ-nyň we Ysraýylyň Eýrana garşy alyp baran we häirki wagtda togtadylan urşuny bes etmek üçin ylalaşygy tamamlamak boýunça gepleşikleriň tamamlanyp barýan döwrüne gabat geldi.

Hytaýyň döwlet metbugatynyň habaryna görä, Pakistanyň Baş ştabynyň başlygy marşal Asym Münir duşenbe güni Hytaýyň daşary işler ministri Wang I bilen geçiren duşuşygynda, ABŞ-bilen Eýranyň arasynda geçirilýän gepleşiklerde "ylalaşygyň gaznaylmagyna golaýlaşandygyny" aýtdy. Bu beýanat Yslamabadyň Tähran bilen Waşingtonyň arasyndaky araçylyk tagallalaryny güýçlendiren mahalynda berildi.

“China Daily” gazetiniň Hytaýyň Daşary işler ministrligine salgylanyp beren habaryna görä, Munir bu beýanaty Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerifiň Hytaýa resmi saparynyň çäginde Pekinde geçirilen duşuşykda aýtdy.