SYÝASAT
1 minut okamak
Russiýa bilen Hytaý özara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin 20 resminama gol çekişdi
Moskwa bilen Pekin milli pul birlikleri bilen edilýän söwda gatnaşyklaryny ösdürmek isleýär.
Russiýa bilen Hytaý özara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin 20 resminama gol çekişdi
Russiýa bilen Hytaý özara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin 20 resminama gol çekişdi / Reuters

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Hytaýa guran saparynyň çäginde Moskwa bilen Pekin 20 resminama gol çekişdi

Wladimir Putin bilen hytaýly kärdeşi Şi Szinpiniň arasynda çarşenbe güni Pekinde geçirlen duşuşykdan soň iki ýurt ykdysadyýet, energetika, ulaglar we halkara hyzmatdaşlyk boýunça 20 resminama gol çekişdi.

Iki lider ýaranlygy has-da güýçlendirmek we Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmek üçin bilelikdäki jarnamany kabul etdi.

Szinpin bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama beren Putin, Moskwa bilen Pekiniň daşarky basyşlara we halkara bazarlardaky durnuksyzlyga garamazdan özara gatnaşykalryny durnukly ýagdaýda ösdürýändigini aýtdy.

Putin, Russiýa bilen Hytaýyň özara gatnaşyklarda milli pul birlikleriniň ulanylmagyna uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Rus lideri “Russiýa-Hytaý eksportda we importda rubl bilen ýuany ulanýar” diýdi.

Russiýanyň Hytaýy nebit-gaz bilen üpjün etmäge taýardygyny aýdan Putin, rus ýadro firmasy Rosatomyň Hytaýdaky ýadro desgalarynda täze güýç merkezleriniň gurluşyk işlerini tamamlaýandygyny aýtdy.

Putin Russiýa-Hytaý ýaranlygyny halkara gatnaşyklarda durnuklylygy ýola goýujy faktor hökmünde häsiýetlendirdi.

Russiýanyň Prezidenti Putin, iki ýurduň arasynda wizasyz syýahat döwrüniň başlamagynyň syýahatçylyk pudagyna uly goşant goşandygyna ünsi çekdi.

Putin “2025-nji ýylda 2 milliondan gowrak rus Hytaýa gitdi, 1 milliondan gowrak hytaýly hem Russiýa geldi” diýdi.