YKDYSADYÝET
1 minut okamak
4 aýda 3,9 milliard dollarlyk galla önümleri eksport edildi
Türkiýeden 2026-njy ýylyň ýanwar-aprel aýlaryny öz içine alýan döwürde 3,9 milliard dollarlyk galla eksport edildi.
4 aýda 3,9 milliard dollarlyk galla önümleri eksport edildi
4 aýda 3,9 milliard dollarlyk galla önümleri eksport edildi / Reuters

Türkiýäniň Eksportçylar mejlisinden berlen beýannamada görä, galla we ýagly tohumlar pudagy üstümizdäki ýylyň ilkinji 4 aýlyk döwründe 3,9 milliard dollarlyk önüm eksport etdi.

Günebakar ýagy, şokolad we kakaoly önümleri, makaron, süýji-köke we bugdaý uny ýaly esasy azyk önümlerini öz içine alýan pudagyň eksporty geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 16,7 göterim artdy.

Günebakar ýagy eksport 452,2 million dollar bilen pudagyň eksportynda esasy orun eýeledi.

Şokolad we kakaoly önümleriň eksporty ady agzalýan döwürde 14,4 göterim aşaklady.

Türkiýäniň galla we ýagly tohumlar pudagynyň dolanşyk geňeşiniň başlygy Ahmet Tirýakioglu guraklyk we dökün üpjünçiligi meselesinde başdan geçirilýän kynçylyklaryň sebäpli bugdaýyň nyrhynyň ýokarlandygyny aýtdy.