SYÝASAT
1 minut okamak
Eýran: “Netanýahu tussaghana girmezlik üçin ABŞ-ny täze urşa tarap çekýär”
Netanýahu “Eýranda hökümetiň agdarylmagyny maksat edinýän giň gerimli meýilnama taýarladyk” diýipdi.
Eýran: “Netanýahu tussaghana girmezlik üçin ABŞ-ny täze urşa tarap çekýär”
Eýran: “Netanýahu tussaghana girmezlik üçin ABŞ-ny täze urşa tarap çekýär”

Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi, Ysraýylyň Premýer-ministri Benýamin Netanýahuny tussaghana girmezlik üçin ABŞ-ny Eýran bilen täze urşa tarap çekmekde günäkärledi.

Abbas Arakçi, X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda, Netanýahunyň Eýrana garşy beren beýannamasyna reaksiýa görkezdi.

Eýranly ministr, “Netanýahu tussaghana girmezlik üçin Ysraýyl hem ABŞ taýdan ýüze çykyp biljek agyr netijelere garamazdan, ABŞ-ny täze urşa tarap çekýär” diýdi.

Abbas Arakçi Eýranyň ýurduna garşy guralýan hüjümlere degişli gaýtawuly görkezýändigine ünsi çekdi.

Ze Taýmes of Ysrael” gazetiniň berýän habaryna görä, Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu 27-nji oktýabrda geçiriljek saýlawlaryň diýseň möhümdigini öňe sürdi, howpsuzlyk doktrinasynda “Eýranda hökümetiň agdarylmagynyň” esasy orun eýeleýändigini belledi.

Eýranda ykdysady şertleriň gün saýyn agyrlaşýandygyny we halkyň basyşynyň artandygyna ünsi çeken Netanýahu ““Eýranda hökümetiň agdarylmagyny maksat edinýän giň gerimli meýilnama taýarladyk”diýip belledi.