TÜRKIÝE
1 minut okamak
Prezident Erdogan: "Türkiýe Saud Arabystanynyň ýanynda" diýdi
Prezident Rejep Taýýip Erdogan Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammed bin Salman bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Prezident Erdogan: "Türkiýe Saud Arabystanynyň ýanynda" diýdi
Prezident Erdogan: "Türkiýe Saud Arabystanynyň ýanynda" diýdi

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýanata görä, telefon söhbetdeşliginde sebitdäki soňky wakalar we Saud Arabystanyna garşy hüjümler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Prezident Erdogan mirasdüşer şazada Muhammed bin Salmana Türkiýäniň Saud Arabystanynyň territoriýasyna gönükdirilen Husi hüjümlerini berk ýazgarýandygyny we ölenler üçin gynanç we duýgudaşlyk bildirýändigini aýtdy.

Erdogan Türkiýäniň geljek döwürde hem Saud Arabystanynyň ýanynda durmaga dowam etjekdigini we bu kynçylygyň ýeňip geçjekdigine ynanýandygyny aýtdy.