HOK tarapyndan berilen beýannama görä 2036-njy ýyldaky Olimpiýa oýunlaryny geçirmäge isleg bildirýän we häzirki wagtda HOK bilen "yzgiderli gepleşikler" tapgyrynda bolan dalaşgärler: Türkiýe, Germaniýa, Wengriýa, Hindistan, Katar, Günorta Koreýa we Günorta Afrika.
31-nji oktýabrdan soň täze dalaşgärleriň kabul edilmejek tapgyrynda dalaşgär şäherler öz taslamalaryny noýabr aýynda HOK-yň degişli toparyna wirtual görnüşde hödürlärler.
Beýannamada bellenmegine görä HOK-yň Ýerine ýetiriji komiteti 2027-nji ýylyň mart aýynda dalaşgärleriň jemleýji sanawyny yglan eder we "strategik gepleşikler" tapgyryna başlar; bu tapgyrda dalaşgär şäher üçin hukuk we maliýe kepillikleri hödürlener, şeýle hem komissiýa dalaşgär sebitlere baryp, ýerinde seljeriş işlerini geçirer.
Oýunlaryň geçiriljek şäheri HOK-yň 2029-njy ýylyň ortalarynda geçiriljek sessiýasynda agzalaryň ses bermegi arkaly kesgitlener.
Dalaşgär taslamalar tehniki ölçegler (şol sanda ýaryş meýdançalarynyň meýilnamalary we türgenleriň tejribesi), maliýeleşdiriş strategiýalary, syýasy we jemgyýetçilik goldawy, guramaçylyk mümkinçilikleri, şeýle-de oýunlary kabul edýän jemgyýetlere uzak möhletli peýda getirmäge gönükdirilen "miras" strategiýalary esasynda bahalandyrylar.























