Türkiyäniň Daşary işler ministrligi Ýemendäki Husileriň Medinedäki Pygamber metjidine hyzmat edýän raýat infrastrukturasyna hüjüm etmegini berk ýazgarýandygyny aýan etdi.
Ministrlik Husileriň Saud Arabystanyna guran hüjümi bilen baglanyşykly ýazmaça beýanat berdi.
Beýanatda "Husileriň Medinede Nebewi metjidine hyzmat berýän raýat infrastrukturasyna guran hüjümini berk ýazgarýarys. Saud Arabystanynyň özygtyýarlygyna we howpsuzlygyna howp salýan we Yslam dünýäsiniň mukaddes gymmatlyklaryny nyşana alýan bu öjükdiriji hüjümler dessine we şertsiz bes edilmelidir " diýip bellendi.
Türkiýäniň Saud Arabystanyna berk goldaw berýändigi bellenen beýannamada sebitde dartgynlylygy has-da güýçlendirjek ädimlerden gaça durmagyň zerurdygy nygtaldy.
Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky Arap koalisiýasy düýn Ýemendäki Husileriň üç gün mundan ozal Saud Arabystanynyň Medine şäherindäki Taýbe elektrik stansiýasyny uçarmansyz howa ulagy bilen nyşana alandygyny yglan etdi.





















