DÜNÝÄ
1 minut okamak
Dünýäde 117 million adam ýaşaýan ýerini terk etdi
BMG-niň Bosgunlar boýunça ýokary komisary Barham Salih, Nýu-Ýorkda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine maglumat berdi.
Dünýäde 117 million adam ýaşaýan ýerini terk etdi
Dünýäde 117 million adam ýaşaýan ýerini terk etdi

BMG-niň Bosgunlar boýunça ýokary komisary Barham Salih, çaknyşyk, basyş we zulum ýaly beýleki howplar sebäpli dünýäde 117 milliondan gowrak adamyň ýaşaýan ýerini terk edendigini mälim etdi.

Nýu-Ýorkda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna mesele barada maglumat beren Salih, çaknyşyk, basyş we zulum ýaly beýleki howplar sebäpli dünýäde 117 milliondan gowrak adamyň ýaşaýan ýerini terk edendigine ünsi çekdi we çaknyşyklaryň köpelýändigini ýatlatdy.

Çaknyşyklaryň şol bir wagtda yzygiderli ýagdaýa gelendigini we syýasy taýdan çözülip bilinmändigini nygtan Salih, “Wagtlaýyndyr öýdülen krizis sebäpli öýlerini terk eden millionlarça adam, uzak ýyllaryň dowamynda başga ýerde ýaşaýar” diýdi.

Munyň diňe ynsanpwerwerlik meselesi bolmandygyna ünsi çeken Salih “Bu halkara parahatçylyk we howpuzlyk üçin esasy synagdyr” diýip belledi.