Sudanyň Demirgazyk Kurdufan sebitinde HDK güýçleriniň altyn bazaryna guran hüjüminde asuda ilartdan 5 adam ýogaldy, 27 adam bolsa ýaralandy.
Mesele hakynda berlen beýannamada, HDK güýçleriniň Sudanyň Demirgazyk Kurdufan sebitinde Umm Badr şäherindäki altyn bazaryna hüjüm gurandygy nygtaldy.
Hüjümde altyn amak üçin gelen asuda ilatdan 5 adamyň ýogalandygy, 27 adamyň hem ýaralanandygy bellenildi.
Beýannamada HDK güýçleriniň Umm Badrdaky altyn bazaryny bazaryny we golaýdaky iş ýerlerini talandygy nygtaldy.
MASLAHAT BERILÝÄR
HDK güýçleri tarapyndan hüjüm hakynda heniz hiç hili beýannama berilmedi.
Sudanyň harby goşuny soňky günlerde Demirgazyk we Günbtar Kurdufanda HDK güýçleriniň gözegçiligi astyndaky käbir sebitleri yzyna aldy.




















